ykmak

ykmak
işlik
[y:kmak]
1) Galgamak, gaýmalamak, ýelpildemek.
∙ Asmanda bölejik bulutlar ygýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
2) Biderek entäp ýörmek, söw-söw syryp ýörmek.
∙ Ol soňky wagtlarda ykmaga başlady. It ýaly ykmakdan birnäçe çarygym tozdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
∙ Gum gapdala sowlup, uzyn ädikleri bilen iki baka ykdy. (N. W. Gogol, Eserler)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem ykmak - ygýar, ygar, ygypdyr.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужен реферат?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»